Fulbraýt

Magistr derejesini almak boýunça Fulbraýt maksatnamasy üçin 2025-2026-nji okuw ýyly üçin açyk bäsleşik

 

Fulbraýt adyndaky maksatnamasy Türkmenistanyň meşhur ýaş hünärmenlerine 2025-nji ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň belli bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär. Resminamalar 2024-nji ýylyň 2-nji iýunyna çenli kabul edilýär.

Resminamalaryňyzy şu websahypa tabşyryp bilersiňiz: https://apply.iie.org/ffsp2025

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar (ähli dokumentler resminamanyň özüne yüklenmelidir):

  1. Ýokary okuw jaýyny tamamlandygy barada diplom we şonuň ýany bilen berilýän transkript;
  2. СV ýa-da rezýume;
  3. Ýokary okuw jaýyny tamamlanyndan soň, azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly;
  4. Üç (3) sany hödürnamalar (resminama bilen bilelikde tabşyrylmaly);
  5. Iňlis dilini ýokary derejede bilmek;
  6. TOEFL/GRE/GMAT synaglarynyň bahalary (bar bolsa).

 Dykgat ediň:

  • Tabşyrylýan dokumentleriniň ählisi iňlis dilinde tabşyrylmaly, ýa-da ýanyna iňlis diline edilen resmi terjimelerini çatmaly.
  • ABŞ-da ýaşaýan adamlar bu maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
  • Dalaşgärler resminamalaryny tabşyrýan wagtynda Türkmenistanda ýaşaýan bolmaly.

 Gatnaşyjylaryň saýlanylşy:

2-nji iýuna çenli: ähli gerekli dokumentleri bilen doldrylan resminamany tabşyrmaly;

Iýun aýynda: ABŞ-nyň Ilçihanasy resminamalary barlaýar. Bu tapgyrdan geçen dalaşgärlere elektron poçta arkaly habar berilýär we olar söhbetdeşlige çagyrylýar;

Iýun aýynyň ikinji ýarym aýy: çagyrylan dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirilýär;

Sentýabr-oktýabr aralygy: ABŞ-nyň Ilçihanasy söhbetdeşlik tapgyryndan geçen dalaşgärleri TOEFL, GRE/GMAT synaglaryna registrasiýa edýär. Fulbraýt maksatnamasy synaglaryň tölegini özi geçirýär.

Oktýabr: ähli tapgyrlardan geçen dalaşgärleriň sanawy Waşington şäherindäki Fulbraýt maksatnamasynyň komiteti tarapyndan gutarnykly netije üçin seredilýär.

Goşmaça maglumat:

TOEFL/GRE/GMAT synaglary barada goşmaça maglumatlary şu websahypalardan görüp bilersiňiz:

Ähli dalaşgärlere TOEFL/GRE/GMAT synaglaryna synag geçirilýän wagtyndan has öňden taýýarlyk görmegiňizi maslahat berýäris. Sebäbi bu synaglaryň bahalary uniwersitetler üçin wajyp ähmiýeti bardyr.

Bu maksatnama boýunça goşmaça soraglaryňyz bar bolsa, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine AshgabatEducation@state.gov elektron salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Resminamalar 2024-nji ýylyň 2-nji iýunyna çenli görkezilen link arkaly https://apply.iie.org/ffsp2025 kabul edilýär.

 

TESWIRLER

BIZ BARADA TESWIRLERI OKAŇ
Globalda alan tejribän

Men "Global" okuw merkezine gatnap başlanym bäri özümi has kämilleşdirdim. Indi men daşary ýurt okuwlaryna girmäge taýýarlanýaryn. Bu ugurda maňa "...Dowamy