DAŞARY ÝURTDA KURSLARA TAÝÝARLYK PROGRAMMALARY BARADA MAGLUMATLAR
Foundation näme?
Foundation, bu başga bir ýurtda okan talyplary iňlis dili we beýleki akademiki başarnyklary boýunça ýokary okuw jaýynda bakalawr kurslaryna girmäge taýýarlaýan programmadyr. Daşary ýurtdaky uniwersitetlerde ýokary bilim almak isleýän türkmen talyplary 1 ýyllyk başlangyç bilimi tamamlamaly, sebäbi daşary ýurtlarda we Türkmenistanda orta mekdep bilim sistemasy üýtgeşik. Mysal üçin, Iňlis bilim ulgamynda orta mekdebi gutaran okuwçy jemi 13 ýyl bilim alýar. Türkmenistanda bu bilim jemi 12 ýyl dowam edýär. Şol sebäpli Türkmenistanda mekdebi gutaran talyplar Angliýadaky A derejesine kabul edilmeýär. Angliýanyň uniwersitetinde bakalawr derejesini almak isleseňiz, Angliýanyň uniwersitetinde ýa-da kollejinde 1 ýyllyk foundation okuwy gutaryp, ýitirilen ýyly doldurmaly bolarsyňyz.
Talyp, foundation programmasyna gatnaşmak üçin ýeterlik derejede iňlis dilini bilmelidir. Foundation programmasy talyplara iňlis dilinde goldaw berýär. Şeýle-de bolsa, okuwçynyň iňlis diliniň belli bir derejede bolmagyna garaşylýar (IELTS 4.5-5.5 ýa-da TOEFL 70-80). Dilleri çäkli bolan okuwçylar öňünden dil bilimini almaly. Foundation programmasy okuwçylary öwrenmek isleýän dersleri üçin taýýarlaýar; Talyplary iş dolandyryşy, maliýe we dolandyryş, kompýuter programmirlemesi, kanun, sungat we dizaýn, inženerçilik, jemgyýetçilik ylymlary, lukmançylyk, ylym we dermanhana, metbugat we gumanitar ylymlar ýaly bakalawr programmalaryna taýýarlaýar.
Halkara birinji ýyl programmasy näme?
“International Year One” programmasy, Angliýanyň uniwersitetinde okamak isleýän, ýöne yokary okuw jaýlarynda bakalawr derejesine giriş talaplaryny doly kanagatlandyryp bilmeýän talyplar üçin akademiki taýýarlyk programmasy. Angliýanyň uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy bolan INTO, Navitas, Kaplan International Pathways, Study Group и Cambridge Education Group tarapyndan hödürlenýän “International Year One” programmasyny üstünlikli tamamlanyňyzdan soň, okuw jaýlarynyň şertnamalary bolan uniwersitetlere gönüden-göni ikinji kursa geçersiňiz.
Pathway programmasy näme?
Pathway programmalary Angliýada, Amerikada, Kanadada, Awstraliýada we Gollandiýada ýokary bilim almak isleýän, ýöne uniwersitetlere girmek üçin zerur şertleri ýerine ýetirip bilmeýän daşary ýurtly talyplaryň akademiki we dil endiklerini ýokarlandyrmak üçin döredilen programmalardyr. Pathway programmasynyň esasy maksady, okaýan ýurduňyzda okamak üçin ýeterlik iňlis dilini bilmekdir. Dil biliminden başga-da, talyplary uniwersitet okuwlarynda zerur endikler bilen üpjün edýär; düzme ýazmak, gözleg geçirmek, toparlaýyn iş alyp barmak, prezentasiýa taýýarlamak, synp belliklerini almak we wagty dogry dolandyrmak. “Pathway” programmasynyň başga bir artykmaçlygy, uniwersitet bilimini aljak ýurduň bilim ulgamyna we jemgyýetçilik durmuşyna özboluşly ugrukdyrmagydyr.
Magistrden öňki programma näme?
Magistrden öňki programmalar magistr derejesini almak isleýän, ýöne uniwersitetlere girmek üçin zerur şertleri ýerine ýetirip bilmeýän daşary ýurtly talyplaryň akademiki we dil endiklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen programmalar. Talyplar akademiki we dil endiklerini ýokarlandyrýarlar, şeýle hem magistr derejesini aljak ýurdunyň bilim ulgamyna we medeniýetine uýgunlaşýarlar. Programmanyň dowamlylygy, okuwçynyň derejesine baglylykda 3 aýdan 12 aýa çenli üýtgeýär.
Men "Global" okuw merkezine gatnap başlanym bäri özümi has kämilleşdirdim. Indi men daşary ýurt okuwlaryna girmäge taýýarlanýaryn. Bu ugurda maňa "...Dowamy
Amerikanyň Birleşen Ştatlary
Arizona State University
University of Connecticut
University of Oregon
Pace University
Simmons University
Adelphi University
American University
S...
Globalda alan tejribän
Men "Global" okuw merkezine gatnap başlanym bäri özümi has kämilleşdirdim. Indi men daşary ýurt okuwlaryna girmäge taýýarlanýaryn. Bu ugurda maňa "...Dowamy
Nazarow Bagtyýar Begnazarowiç
okuwçy