Iňlis dili kurslarymyz, başlangyç derejeden başlap iň ýokary derejä çenli ähli tapgyrlary öz içine alýar we dili özleşdirmek we maksatlaryňyza ýetmek üçin sizde özüňize bolan ynamy döredýär. Ähli dil endiklerini: grammatika, söz baýlygy, aýdylyşy, diňlemek, okamak, ýazmak we gürlemek üçin her bir okuwça aýratyn üns berip, iň ösen metodikalary ulanyp okadýan tejribeli mugallymlary size hödürleýäris.
Näme üçin biziň kurslarymyzy saýlamaly:
Siziň maksadyňyza laýyk gelýän kurslar:
Islegleriňizi we bilim derejäňizi göz öňünde tutup, size laýyk gelýän okuw meýilnamasyny hödürläris.
Tejribeli mugallymlar:
Mugallymlarymyz diňe bir iňlis diliniň grammatikasyny öwrenmäge däl-de, gürlemäge bolan ynamyňyzy ösdürmäge kömek ederler. Iň ösen metodikalary we öz iş tejribeleri bilen size iňlis dilinde rahat gürlemegi öwrederler .
Döwrebap usullar we materiallar:
Öwrenmegi diňe bir täsirli däl, eýsem gyzykly etmek üçin iň täze okuw kitaplaryny we onlaýn çeşmeleri ulanýarys. Sapaklarymyz okuwy gyzykly edýän wideolary, podkastlary we interaktiw çäreleri öz içine alýar.
Amaly işe gönükdirilen:
Kurslar diňe bir grammatikany däl, eýsem hakyky ýagdaýlarda iňlis dilini ulanmaga mümkinçilik berýän gürlemek, ýazmak, okamak we diňlemek endiklerini ösdürýär. Sapaklarymyz iňlis dilinde alynyp barylýanlygy sebäpli, kurslarymyzdan soň iňlois diline arkaýyn düşünip hem gürleşip bilersiňiz.
Dowamly goldaw:
Mugallymlarymyz okuwyň dowamynda size kömek etmäge, goldaw bermäge we ýol görkezmäge hemişe taýýardyrlar. Iňlis dili derejäňizi ösdürmek barada yzygiderli pikir alarsyňyz.
Elýeterli bahalar we mahabatlar:
Kurslar üçin iň amatly bahalary hödürleýäris. Täze okuwçylar we birnäçe derslere ýazylanlar üçin dürli arzanladyşlar bar.
Kurslarymyzy saýlap, ýokary hilli okuw, iň gowy atmosfera we hakyky netijeleri alarsyňyz. Iňlis dilini biziň bilen öwrenip başlaň we üstünlige tarap ilkinji ädimi ädiň!
Men "Global" okuw merkezine gatnap başlanym bäri özümi has kämilleşdirdim. Indi men daşary ýurt okuwlaryna girmäge taýýarlanýaryn. Bu ugurda maňa "...Dowamy
Amerikanyň Birleşen Ştatlary
Arizona State University
University of Connecticut
University of Oregon
Pace University
Simmons University
Adelphi University
American University
S...
Globalda alan tejribän
Men "Global" okuw merkezine gatnap başlanym bäri özümi has kämilleşdirdim. Indi men daşary ýurt okuwlaryna girmäge taýýarlanýaryn. Bu ugurda maňa "...Dowamy
Nazarow Bagtyýar Begnazarowiç
okuwçy