“Emeli aň Türkmenistanyň bilim ulgamyda“ atly ylmy-amaly maslahaty

2024-nji ýylyň 23-nji dekabrynda geçirilen “Emeli aň Türkmenistanyň bilim ulgamyda“ atly ylmy-amaly maslahaty 2023-nji ýylyň 9-nji noýabrynda tassyklanan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça “Hyzmatdaşlyk etmegiň Ýol kartasynyň” çäginde ýerine ýetirmeli wezipeleri, ýagny Tejribe alyşmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy guramak, Bilimi dolandyrmakda maglumat ulgamlary ösdürmek, Mugallymlaryň sanly ulgamda başarnyklaryny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň zerurlyklaryny we aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, mugallymçylyk işine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Ylmy-amaly maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda açyş sözi bilen Türkmenistanyň Bilim ministriň orunbasary A.Ataýew çykyş etdi. ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary institutynyň direktory Tao Jan hem-de Huawei kompaniýasynyň sebitdäki wise Prezidenti Chao XIE giriş sözleri bilen onlaýn çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda Bilim ministrligiň we ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary institutynyň wekilleri çykyş edip, özara hyzmatdaşlygyň esasynda Türkmenistanyň bilim ulgamyda emeli aňyň ulanmagyny ýola goýmak we kämilleşdirmek boýunça birnäçe soraglar seredildi, şol sanda Bilim ulgamynda Emeli aňy ösdürmek boýnça strategiýanyň taslamasy (Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bňlüminiň başlygynyň w.w.ý R.Mahmudow), okuw işinde mugalymlaryň we talyplaryň emeli aň boýnça kompetensiýlary (başarnyklary) (ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary institutynyň Sanly Pedagogika we okuw maglumatlary boýunça Maksatnamalar bölüminiň hünärmeni, Professor Oksana Çigişewa (online)), emeli aň boýunça halkara okuw platformalar barada (Xiaohan Bi, UNESCO-nyň Ýokary bilim Innowasion Halkara merkeziniň (ICHEI) direktorynyň orunbasary (online)) we emeli aňyň kömegi bilen ýaş nesiliň önümçilige taýýarlanyşy (Durdygylych Mergenow, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmeni) çykyş etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi

 

 

 

 

Global barada

Merkezimiz çagalar we ulular üçin iň ýokary derejede bilim bermek üçin ähli şertleri üpjün edip, ýokary hilli bilim programmalaryny hödürleýär. Türkmenistanda öňdebaryjy okuw we maslahat beriş merkezi bolandygymyza buýsanýarys, dürli dersler boýunça kurslar hödürläp, her bir okuwçynyň mümkinçiliklerini açmaga kömek edýäris.