2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 27-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Okuw bölüminiň gurnamagynda Durnukly ösüşiň maksatlarynyň “Ýokary hilli bilim” ugruna esaslanyp, professor-mugallymlaryň arasynda “Okatmagyň täze usullaryny ulanyp, açyk sapak geçirmek”atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatda häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda dürli ugurlarda kämil hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde örän uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygy we Watanymyzyň kuwwatlanmagynyň geljekki ösüşleriniň hereketlendiriji güýji bolan ýaşlaryňislän hünärleri boýunça dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim-terbiýe almaklary üçin ähli şertleriňdöredilýändigi barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň energetika pudagynyň depginli ösüşiniň üpjün edilmegine, bu ugurda degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýändigini belläp geçdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi