Türkmenistanyň Bilim ministrligi daşary ýurt hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň tertibini täzeledi

Türkmenistanyň bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda çykaran 392 belgili buýrugy bilen (Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanan) daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä üýtgetmeler we goşmaça girizildi.

Bu buýruk Türkmenistanda daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmegiň tertibine düýpli üýtgeşmeler girizýär.

Esasy üýtgeşmeler uçurymlaryň iki görnüşine degişlidir:

«Hukuk işi» hünäriniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, daşary ýurt döwletlerinde «hukuk işi» ugry boýunça Türkmenistanyň raýalaryna berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmek üçin 3 aý möhletli tölegli okuw geçiler. Onuň meýilnamasyny Türkmenistanyň Bilim ministirligi bilen Adalat ministrligi bilelikde tassyklar.

Daşary ýurt döwletiniň hünär bilimi edarasyna okuwa girip, adatdan daşary ýagdaý sebäpli elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dowam edip alnan Resminamanyň eýesiniň sowatlylygy elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak boýunça barlanar.

«Hukuk işi» ugry boýunça berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin ýüz tutýan Türkmenistanyň raýatlaryndan synaglary kabul etmek üçin düzüminde aşakdakylaryň wekilleri bolan ýörite Döwlet synag topary dörediler:

  • Türkmenistanyň Ýokary Kazyýeti
  • Türkmenistanyň Baş Prokuraturasy
  • Türkmenistanyň Adalat Ministrligi
  • Türkmenistanyň Milli Howupsyzlyk Ministrligi
  • Türkmenistanyň Içeri Işler Ministrligi
  • Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti
  • Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary unstituty
  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

 

Bu üýtgeşmeler hukuk biliminiň hilini we uçurymlaryň bilimleriniň Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

Çeşme: Türkmen Portal

Global barada

Merkezimiz çagalar we ulular üçin iň ýokary derejede bilim bermek üçin ähli şertleri üpjün edip, ýokary hilli bilim programmalaryny hödürleýär. Türkmenistanda öňdebaryjy okuw we maslahat beriş merkezi bolandygymyza buýsanýarys, dürli dersler boýunça kurslar hödürläp, her bir okuwçynyň mümkinçiliklerini açmaga kömek edýäris.