2024-nji ýylyň Excel boýunça dünýä çempionaty geçirildi

Dekabr aýynyň başynda 2024-nji ýylyň Excel boýunça dünýä çempionatynyň finaly geçirildi. Çäre Las Wegasdaky HyperX Arena kibersport meýdançasynda boldy. Bäsleşige 128 gatnaşyjy gatnaşdy. Final tapgyryna Maliýe Analitikleriň MS Excel programmasynda köpýyllyk tejribesi bolan 24 sany gatnaşyjy çykdy.

Finalda gatnaşyjylar logiki meseleleri çözmek arkaly öz başarnyklaryny görkezmelidi. Her bir mesele üçin iň köp 30 minut wagt berildi. Meseleleriň çylşyrymlylygy artdygyça, işi tamamlap bilmedik oýunçylar bäsleşikden çykdylar.

2024-nji ýylyň Excel boýunça dünýä çempiony maliýe analitigi Maýkl Jarman boldy. Ol 2023-nji ýylyň çempiony Endrýu Ngaýany ýeňmegi başardy. Finala çykan üç oýunçynyň hersine $5 müň dollar we homy sponsorlardan baýraklar gowşuryldy.

Excel boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek 2012-nji ýylda geçirildi. Ony döretmek pikiri ModelOff kompaniýasynyň esaslandyryjysy Daniýel Faýlsa degişlidir. Bu kompaniýa maliýe modelirleme boýunça bilim bermek we sertifikasiýa bilen meşgullanýar.

Global barada

Merkezimiz çagalar we ulular üçin iň ýokary derejede bilim bermek üçin ähli şertleri üpjün edip, ýokary hilli bilim programmalaryny hödürleýär. Türkmenistanda öňdebaryjy okuw we maslahat beriş merkezi bolandygymyza buýsanýarys, dürli dersler boýunça kurslar hödürläp, her bir okuwçynyň mümkinçiliklerini açmaga kömek edýäris.