Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Erasmus+ maglumat güni

2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 25-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Erasmus+ maksatnamasynyň Maglumat güni geçirildi. Çäräniň dowamynda Erasmus+ maksatnamasynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Aýna Çörekliýewa, bu maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri üçin ýokary bilim ugry boýunça mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdi. Ýewropa bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasy 2021-2027-nji ýyllary öz içine alyp, bilimi, hünär taýýarlygy, ýaşlary we sporty ösdürmegi we döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär.  Maslahata gatnaşyjylar maksatnamanyň dürli ugurlary bilen tanyşdylar:

- Ýokary bilim ugry boýynça mümkinçilikleri artdyrmak,

- Halkara kredit hereketliligi,

- Erasmus Mundus bilelikdäki magistrlik derejesi,

- Jean Monnet;

Bu maksatnama Belgiýanyň Brýussel ýerleşýän,Ýewropanyň Bilim we Medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentligi tarapyndan utgaşdyrylyp, taslamalar maksatnamanyň esasy ýörelgelerine eýerýärler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip, anyk we giňişleýin jogaplary aldylar. Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasy ýaşlara daşary ýurtlarda öz bilimini artdyrmak mümkinçiligini döredip, talyp ýaşlaryň we hünärmenleriň ylym-bilim babatda öz tejribesiniň baýlaşmagyna ýardam edýär.

Erasmus+ maksatnamasy barada has giňişleýin maglumaty Ýewropa Komissiýasynyň FTOP portalyndan tapyp bilersiňiz https://ec.europa.eu/info/funding-tenders/opportunities/portal/screen/home.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Global barada

Merkezimiz çagalar we ulular üçin iň ýokary derejede bilim bermek üçin ähli şertleri üpjün edip, ýokary hilli bilim programmalaryny hödürleýär. Türkmenistanda öňdebaryjy okuw we maslahat beriş merkezi bolandygymyza buýsanýarys, dürli dersler boýunça kurslar hödürläp, her bir okuwçynyň mümkinçiliklerini açmaga kömek edýäris.