Türkmen oba hojalyk uniwersiteti — Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşiginiň agzasy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­timi­ziň ta­gal­la­sy bi­len döw­let bi­lim sy­ýa­sa­tyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mäge, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ni hal­ka­ra de­re­je­li ýo­ka­ry okuw mekdep­le­ri­niň sa­naw­la­ry­na goş­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Tä­ze ýy­lyň bo­sa­ga­syn­da ge­lip gow­şan hoş ha­bar — S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uniwer­si­te­ti­niň ýur­du­myz­da il­kin­ji bo­lup Ýü­pek ýo­lu­nyň uni­wer­si­tet­ler bi­le­le­şi­gi­niň (Univer­si­ty Al­liance of the Silk Ro­ad — UASR) ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­me­gi bu ugur­da­ky üs­tün­lik­le­riň üs­tü­ni ýe­tir­di. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýoly geçmişde yklymlary birleşdiripdir. Türkmenistan bu halkara söwdamedeni ýoluň ýüregi — hereketlendiriji güýji hökmünde taryhyň sahnasynda esasy orny eýeledi. Täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly arkaly alşylýan bilim-tejribeler, ýola goýulýan medeni gatnaşyklar bilelikde belent sepgitlere ýetmäge ýardam edýär. Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşigi Hytaý Halk Respublikasynyň «Bir guşak, bir ýol» daşary syýasy başlangyjynyň çäginde döredilen bilim guramasy bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletleriň ykdysady ösüşini goldamak, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, 2015-nji ýylyň 22-nji maýynda döredildi. Bileleşigiň sekretariaty Hytaýyň Sian şäherindäki Sian Jiaotong uniwersitetinde ýerleşýär. Häzirki wagtda dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 180-den gowrak uniwersitet Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşigine agzadyr. Sebitara we döwletara dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylyk arkaly ösüşi goldamak maksady bilen, bilimde, medeniýetde özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, uniwersitetara alyş-çalyş etmek, zehinleri goldamak, bilelikde ylmybarlag taslamalaryny alyp barmak bu halkara bileleşigiň esasy wezipeleridir. Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşigi bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň 7 — 9-njy oktýabrynda bu bileleşigiň Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilen «Täze tehnologik özgertmeler döwründe ýokary bilimde ösüşler we innowasiýalar» atly forumyna Italiýa, Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Gazagystan, Pakistan, Ýaponiýa, Serbiýa, Gyrgyzystan, Kanada ýaly döwletlerden, şol sanda Türkmenistandan ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, prorektorlary, ylmy işgärleri gatnaşdylar. Ýurdumyzdan oňa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Ýeri gelende aýtsak, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Times Higher Education» guramasynyň «World University Rankings 2025» sanawyna, şeýle-de «UI GreenMetric» dünýä uniwersitetleriniň reýtinginiň sanawyna hem goşuldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Global barada

Merkezimiz çagalar we ulular üçin iň ýokary derejede bilim bermek üçin ähli şertleri üpjün edip, ýokary hilli bilim programmalaryny hödürleýär. Türkmenistanda öňdebaryjy okuw we maslahat beriş merkezi bolandygymyza buýsanýarys, dürli dersler boýunça kurslar hödürläp, her bir okuwçynyň mümkinçiliklerini açmaga kömek edýäris.